Premýer ministr Binali Ýyldyrym Britaniýanyň Premýer ministri Teresa Meý bilen duşuşdy

Premýer ministrlikden berlen beýanata görä, iki kärdeş sebitara we halkara meseler hakynda hem pikir alyşdy

730313
Premýer ministr Binali Ýyldyrym Britaniýanyň Premýer ministri Teresa Meý bilen duşuşdy

BMG-nyň ýolbaşçylyk etmeginde Britaniýanyň ýer eýeçiliginde Londonda geçirlen Somali konferensiýasyna gatnaşan Premýer ministr Binaly Ýyldyrym konferensiýanyň çäginde Britaniýanyň Premýer ministri Teresa Meý bilen duşuşdy.

Duşuşykda dost we hyzmatdaş ýurt Britaniýa bilen soňky döwürde gün saýyn pugtalanýan iki taraply gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Premýer ministrlikden berlen beýanata görä, iki kärdeş sebitara we halkara meseler hakynda hem pikir alyşdy.

Premýer ministr Ýyldyrym Teresa Meýe Britaniýada 8-nji iýunda geçiriljek saýlawda üstünlik arzuw etdi.

Britaniýanyň Premýer ministri Teresa Meý hem Premýer ministr Ýyldyryma Londonda geçirlen Somali konferensiýasyna ýokary derejede gatnaşandygy sebäpli öz minnetdarlygyny bildirdi.

Meý iki ýurduň arasynda iki taraply we köp taraply hyzmatdaşlygyň pugtalanmak bilen dowam etdirilmegini isleýändiklerini belledi.

 



Degişli Habarlar