“Ençeme Patmalar basyp alyjylyga garşy göreşer we zulum günleriň birinde tamamlanar”

Wise-premýer Numan Kurtulmuş Palestina topraklaryndaky Ysraýylyň basyp alyjylygyna we zulmuna sessiz galmajakdyklaryny nygtady

729216
“Ençeme Patmalar basyp alyjylyga garşy göreşer we zulum günleriň birinde tamamlanar”

Numan Kurtulmuş sosial media hasabyndan mesele bilen baglanşykly beýanat berdi.

“Bütin dünýä sesini çykarmasada Palestinada goragsyz adamlaryň öldürilmegine hiç wagt sessiz galmarys” diýen Kurtulmuş: “Basyp alyjylykda, hukusyzlykda we ahlaksyzlykda serhet bilmeýän Ysraýylyň esgerleri palestinalylara bolan ýigrenjini ýaşajyk Patmany öldürip görkezdi” diýdi.

Wise-premýer Numan Kurtulmuş: “Ençeme Patmalar basyp alyjylyga garşy göreşer we zulum günleriň birinde tamamlanar” diýdi.

7-nji maýda 16 ýaşly palestinaly gyz Patma Hajijiniň Gündogar Iýerusalimde howp abandyrmazlygyna garamazdan ysraýylly 5 polis tarapyndan 10 metr uzaklykdan atylyp öldürildi. Ýaş gyzyň endamyndan 20-den gowrak ok çykdy.

Palestinanyň Daşary işler ministrligi Hajijä ýerde ýatan wagty hem od açylandygyny we tiz kömek ulagynyň gelmegine rugsat berilmändigini, bu edilenleriň bolsa halkara kanunlara ters gelýändigini belledi.



Degişli Habarlar