“Türkiýe bilen Russiýa sebitiň ykbalyny üýtgedip biler”

Prezident R. T. Erdogan “Türkiýe bilen Russiýa sebitiň ykbalyny üýtgedip biler” diýdi

725062
“Türkiýe bilen Russiýa sebitiň ykbalyny üýtgedip biler”

 

Prezident R. T. Erdogan bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin özara duşuşykdan öň metbugata beýanat berdi.

Russiýa Federassiýasy bilen Türkiýäniň arasyndaky iki taraply gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleleri giňişleýin ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny aýdan Erdogan “Biz uly jogapkärçilikli döwri başdan geçirýäris. Türkiýe bilen Russiýa sebitiň ykbalyny üýtgedip biler” diýdi.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin hem Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň özboluşly ýere eýedigini nygtady.

Wladimir Putin çakylygymy kabul edip Soçä gelendigi üçin Prezident Erdogana öz minnetdarlygyny bildirdi.

Putin “saparyň çäginde iki taraply we Siriýa meselesiniň başda durmagynda aktual meseleleri ara alyp maslahatlaşarys diýdi.

Rus lideri Putin Türkiýede geçirlen referendumyň oňyn netijesi bilen Prezident Erdogany mähirli gutlady we “Türkiýäniň içeri syýasatyndaky öňe gidişlik türk-rus gatnaşyklaryna itergi berer”diýdi.

 



Degişli Habarlar