Türkiýäniň Prezidenti Reuters habarlar gullugyna interwýu berdi

Prezident Erdogan Yragyň demirgazygyndaky Sinjarda we Siriýanyň demirgazygynda iň soňky terrorçy ýok bolýança çenli operasiýalaryň dowam etdiriljekdigini belledi

720583
Türkiýäniň Prezidenti Reuters habarlar gullugyna interwýu berdi

Türkiýäniň Prezidenti Reuters habarlar gullugyna beren interwýusynda Ýewropa Geňeşiniň Parlamentar mejlisiniň Türkiýe baradaky kararyna nägilelik bildirip: “Syýasy taýdan kabul edilen karary kabul etmeýäris” diýdi.

Bütin dünýä ýüzlenen Erdogan adamlary bolmanda bir gezekligine syýasy pozisiýalaryndan daşlaşyp, wyždanlarynyň sesine gulak asmaga çagyryp: “Ýerine ýetirerler ýa-da ýetirmezler bu ol diýen höhüm däl. Biz hukuk we azatlyklar babatyndaky göreşimizi akýüreklilik bilen dowam etdireris. Emma başda PKK, FETÖ, DAIŞ ýaly terror guramalaryna garşy hiç wagt egilşik etmeris” diýdi.

Erdogan Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Yragyň demirgazygyndaky Sinjara we Siriýanyň demirgazygyndaky Karaçok Dagyna guran howa hüjümleri bilen baglanşykly operasiýalarymyzy iň soňky terrorçy ýok bolýança çenli dowam etdirjekdiklerini habar berdi.

Türkiýäniň Prezidenti Sinjaryň ikinji Kandil bolmagyna rugsat bermejekdiklerini nygtap: “Eger rugsat bersek ertirki günde ol ýer örän howply bolar” diýdi.

Erdogan Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Sinjarda we Karaçok Dagynda guralan howa hüjümleriniň Peşmerge güýçlerine garşy däldigine ünsleri çekip, operasiýanyň Yragyň Kürt Awtonomiýasyna, ABŞ-a we Russiýa ozaldan aýdylandygyny mälim etdi.

Siriýa meselesiniň üstünde hem duryp geçen Prezident Erdogan Asad bar boldygy saýyn Siriýa meselesine çözgüt tapyp bolmajakdygyny belläp: “Siriýany bu ýagdaýa getiren Asad. Döwlet terroryny döreden ol. Siriýa onuň bilen nädip parahatçylyga gowuşsyn? Öz halkyny, öz raýatlaryny taňklar bilen, toplar bilen, uçarlar bilen, barrel bombalary bilen, himiki ýaraglar bilen öldüren bu adam çözgüde eltip bilermi?” diýip sorag berdi.

Siriýanyň halkynyň öz geljegini özüniň kesgitlemeldigini bellän Erdogan bu meseläni Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen ara alyp maslahatlaşandygyny, “Saýlawlar geçirilsin, saýlaw býulletenlerinden kim çyksa ählimiz şony kabul edeliň” diýendigini aýdan Türkiýäniň Prezidenti Erdogan: “Emma gynansagam biz DAIŞ gelip biler diýdiler. Asadayň edýänleri DAIŞ-iňkiden gowmy?” diýdi.

Ýewropa Bileleşigi bilen dartgynlaşan gatnaşyklaryň üstünde hem durup geçen Prezident Erdogan ÝB bilen gatnaşyklaryň referendumyň geçirilmegine sebäp bolup biljekdigini habar berdi.

Erdogan: “ÝB bu işi 4-5 ýylyň içinde çözmese, biziň ýeke täk ýolumyz galýar, ol hem millete ýüzlenmek” diýdi.

Prezident Erdogan 16-njy aprelde geçirilen referendumyň netijeleri bilen baglanşykly bolsa saýlawlaryň resmi netijeleriniň mälim edilmeginden soň Adalat we ösüş partiýasynyň başyna geçjekdigini mälim etdi.

Şu ýyl kongresiň geçirilmejekdigini aýdan Erdogan mundan başgada Türkiýäniň gün tertibinde irki saýlawlaryň ýokdygyny habar berdi.



Degişli Habarlar