Siriýadan Türkiýäniň serhedine raketa atyldy

Siriýadan Türkiýäniň Hataý welaýatynyň Ýaýladagy etrabyndaky serhet birikmesiniň golaýyna raketa atyldy

721101
Siriýadan Türkiýäniň serhedine raketa atyldy

Alynan maglumata görä Asada bagly güýçleriň gözegçiligi astyndaky ýerden atylandygy anyklanan raketa etrabyň Kyzylçat serhet birikmesiniň golaýyna düşdi.

Howpsyzlyk güýçleri waka bilen baglanşykly derňew işini geçirmäge başlady.

Beýleki tarapdan bolsa Hataý welaýatynda PÝD-niň we Asada bagly güýçleriň gözegçiligi astyndaky ýerlerden başga bir serhet birikmelerine hüjüm guraldy.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan mesele bilen baglanşykly berilen beýanatda Siriýanyň demirgazygynda terror guramasy PÝD/PKK/ÝPG-niň gözegçiligi astynda bolan Afrinden we Asada bagly güýçleriň gözegçiligi astynda bolan başga bir ýerden iki aýry serhet birikmesine granatomýot bilen hüjüm guralandygy, hüjümde ýitgi çekilmändigi we howpsyzlyk güýçleriniň hüjüm guralan sebite artykmajy bilen hüjüm gurandygy habar berildi.

 


Etiketkalar: #Hataý , #Afrin , #PÝD , #PKK , #ÝPG , #granatomýot

Degişli Habarlar