Türkiýe ABŞ-nyň hökümetine çagyryş etdi

Türkiýe ABŞ-nyň hökümetine ermeni diasporasynyň duşmançylykly çemeleşmelerde ünsi bolmaga çagyrdy

719692
Türkiýe ABŞ-nyň hökümetine çagyryş etdi

Daşary işler ministrligi Amerikanyň Prezidenti Donald Trampyň 1915-nji ýyldaky ermeni göçürlişigi üçin “Uly apat” kesgitlemesini ulanmagyna reaksiýa bildirdi.

Ministrlik Prezident Trampyň “1915-nji ýyldaky wakalar” barada beren ýazmaça beýannamasyndaky ýalňyş maglumatlaryň we kesgitlemeleriň ermeni töwerekleriniň emele getiren maglumat hapalanmasyndan gelip çykýandygyny beýan etdi.

Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada; “Amerikanyň täze hökümetinden basyş ediji we duşmançylykly çemeleşmeleri bilen tanalýan şol töwerekleriň bir taraply taryh beýanlaryna ygtybar goýmazlygyny we ähli taraplaryň gam-gussasyny nazarda tutýan çemeleşmäni saýlap almagyna garaşýarys” diýilýär.

Birinji Jahan urşunda ýogalan Osman döwletinde ýaşaýan ermenileriň şu ýyl hem Stambulyň ermeni patriarhlygynda geçirilen hatyralama çäresinde hormat bilen hatyralanandygy barada aýdylýan beýannamada, Prezident R.T.Erdoganyň şol çärä ugradan ýüzlenmesine üns çekilýär.

Erdogan şol ýüzlenmede; “Ermeni jemagatymyzyň asudalygy, howpsyzlygy we bagtyýarlygy biziň üçin aýratyn uly ähmiýete eýe. Ýekeje ermeni raýatymyzyň ýekirilmegine, çetleşdirilmegine, özüni ikinji derejeli duýmagyna ýol bermeris” diýipdi.

Beýleki tarapdan Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda düýn geçirilen 1915-nji ýyldaky wakalara bagyşlanyp geçirilen çärede türk baýdagynyň ýakylandygy baradaky habarlara berk reaksiýa görkezildi.

Daşary işler ministrligi türk milletiniň buýsanjy bolan türk baýdagyna edilen şol çemeleşmäniň uly gynanç döredip, berk garşylyga sebäp bolandygyny beýan etdi.

Şol hyýanatçylykly aksiýa we ony guranlar berk ýazgaryldy.



Degişli Habarlar