Türkiýäniň Mejlisi 97 ýaşady

Hökümetiň we oppozisiýanyň wekilleri Mejlisiň açylmagynyň 97 ýyllygyna bagyşlanyp berilen bankete gatnaşdylar

718910
Türkiýäniň Mejlisi 97 ýaşady
başbakan yıldırım 23 nisan resepsiyon.jpg

Mejlisiň Başlygy İsmail Kahramanyň ýer eýeçiliginde berilen 23-nji aprel bankediniň üns merkezinde liderler, gün tertibinde bolsa Prezident dolanşygy ulgamy baradaky konstitutsion özgertme, utgaşyklyk kanunlary we terrorçylyga garşy göreş bardy.

Bankede Prezident R.T.Erdogan gatnaşmady.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym utgaşyklyk kanunlary barada; “Utgaşyklyk kanunlaryny çykarmak üçin oppozisiýa bilen mümkin gadar ylalaşmak isleýäris. Ylalaşman halatymyzda-da ýolumyza dowam ederis” diýdi.

Respublikan halk partiýasynyň lideri Kemal Kylyçdarogly bolsa “güýçli parlament” diýmek hakykata, mantyga bap gelmeýär” diýdi.

Milletçi hereket partiýasyynyň lideri Dewlet Bahçeli bolsa syýasatçylara çagyryş etdi.

Bahçeli; “Dartgynlykdan daş durulmaly, Türkiýäniň geljegini pikir edeliň. Prezident dolanşygy ulgamynyň has netijeli bolmagy üçin pikir edeliň” diýdi.

Bahçeli hem utgaşyklyk kanunlaryna goldaw berip-bermejekdikleri hem-de hökümetiň düzüminde orun eýeläp-eýelemejekdikleri baradaky soraga; “Konstitutsion özgertme üçin tagalla eden partiýanyň utgaşyklyk kanunlaryna garşy durmagy ýerlikli däl. Ýurduň meselelerine jogapkärçilikli çemeleşmekden çekinemizok. Emma ol hökümete şärik boljakdygymyzy aňlatmaýar” diýip jogap berdi.  

Premýer ministr Binali Ýyldyryma serhetaşa operasiýanyň guralyp guralmajakdygy barada-da soraldy.

Ýyldyrym soraga; “Ýurduň howpsyzlygy üçin ähli çäre görüler” diýip jogap berdi.

Baş ştabyň başlygy general Hulusi Akar hem terrorçylyga garşy göreşiň terrorçylar doly ýok edilýänçä dowam etjekdigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar