“Syýasy garaýyş beýan etmek Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň borjy däldir”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly “syýasy garaýyş beýan etmek Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň borjy däldir”diýdi

715884
“Syýasy garaýyş beýan etmek Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň borjy däldir”

Mewlüt Çawuşogly TRT Habar kanalynda ÝHHG bilen Ýewropa Geňeşiniň Parlamentarlar mejlisiniň halkara synçy toparynyň habarnamasyna garşylyk görkezdi.

Konstitutsiýa özgertme girizmek üçin geçirlen referenduma ÝHHG we Ýewropa Geňeşiniň Parlamentarlar mejlisi tarapyndan ugradylan synçy toparyndaky käbir agzalaryň Türkiýä garşy bolan maslahatlara gatnaşyklaryny we 16-njy apreldäki referendum üçin “garşy” kampaniýa alyp barandyklaryny aýdan Çawuşogly, “Bu gezek gelen toparyň ýagşy niýet bilen gelmändigini, erbet niýet bilen syýasy maksatly gelendiklerini gördük. Emma syýasy garaýyş beýan etmek şol toparyň wezipesi däldir” diýdi.

Çawuşogly aýralykçy terror guramasy PKK-nyň tarapdarlary bilen birlikde çekilen fotosuratlary ýüze çykan Germaniýanyň Çepçi partiýasynyň agzasy Andrež Hunkonyň hem toparda ýer alýandygyna ünsi çekdi.

Çawuşogly Türkiýäniň ykdysady we syýasy taýdan güýçlenmeginiň we has garaşsyz hereket etmäge başlamagynyň, beýleki ýurtlar bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmeginiň Ýewropa tarapynan “Türkiýe başga ugra gönükýär” hökmünde analiz edilýändigini ýatlatdy.

ÝB-niň öz syýasatlaryny gözden geçirmelidigine ünsi çeken Çawuşogly, ÝB-niň ykdysadyýet, howpsyzlyk we utgaşyklyk syýasatlarynyň oňyn netije bermeýändigini belledi.

Çawuşogly Türkiýäniň wiza erkinligi hakyndaky soňky teklibini hem ÝB-ne hödürlejekdigini nygtady.

 



Degişli Habarlar