Erdogan: “Terrora garşy operasiýalar dowam eder”

Prezident R.T.Erdogan terror guramalary şäherleriň serhetýakalaryndan dolulygyna çekilmän halatynda operasiýalaryň dowam etjekdigini aýtdy

710530
Erdogan: “Terrora garşy operasiýalar dowam eder”

Prezident R.T.Erdogan 11-nji aprel meýdanynda geçirilen “Şanlyurfa duşuşygynda” halka ýüzlenip çykyş etdi.

Erdogan “Ýefrat galkany” operasiýasynda Türkiýäniň 67 esgeriniň, Azat Siriýa goşunyndan bolsa 500-den gowrak söweşijiniň şehit bolandygyny nygtap; “Bu müň ýyldan bäri egin-egine edýän göreşimiziň soňky jerimesi. Eger terror guramalary Urfanyň, Mardiniň, beýleki şäherlerimiziň serhetýakalaryndan dolulygyna çekilmän halatynda operasiýalar dowam eder” diýdi.

Prezident Erdogan; “Birejikli, suruçly doğanlarymyz üçin Jarablus eziz dälmi? Harranly, akçakaleli doğanlarymyz üçin Tal Abýad, Rakka eziz dälmi? Jeýlanpynarlylar bilen Resulaýnyň, Hasakanyň aýry göz öňüne getirilmegi getirilme mümkinmi? Eger şeýle bolsa ol ýerleri asla terror guramalaryna berilmez. Ady DAİŞ bolsun, PKK bolsun tapawudy ýok, olaryň serhetlerimiziň golaýyna gelmegine ýol bermeris” diýdi.

Erdogan; “Türkiýäniň ösmeginden, baýlaşmagyndan, asudalygyndan we howpsyzlygyndan biynjalyk bolýan ýokmy? Bar. Birinji derejede günbatar, FETÖ/PÝD diýseň biynjalyk. PKK ondan biynjalyk. PKK-nyň goldaýan häkimlikleri bardy dälmi? Näme etdiler? Meniň kürt doğanlaryma hyzmat etdilermi? Hendek, çukur gazdylar. Emma indi terrorçylary şol çukurlara gömdük, gömýäris, gömeris” diýdi.



Degişli Habarlar