Premýer ministr Binali Ýyldyrym Izmirde halka ýüzlendi

Binali Ýyldyrym dünýäde 2008-nji ýyldan bäri bolýan krizislere garamazdan Türkiýäniň dünýäniň iň uly taslamalaryny durmuşa geçirendigini belledi

706465
Premýer ministr Binali Ýyldyrym Izmirde halka ýüzlendi

Premýer ministr Ýyldyrym Izmirde Menemen Gölpark girelgesinde Menemen-Aliaga-Çandarly ýolunyň gurluşygyna badalga berilmegi bilen bagly geçirilen çärede çykyş etdi.

Türkiýäniň Marmaraý, Ýewraziýa tuneli, Ýawuz Soltan Selim köprüsi, Osmangazy köprüsi we dünýäniň iň uly howa menzilini gurýandygyny aýdan Binali Ýyldyrym: "Çalt depginler bilen Ankara-Izmir ýokary tizlikli demir ýol liniýasy gurulýar. Afýon-Uşak ýokary tizlikli otlynyň sesi gelýär. Çanakgalada dünýäniň iň uzyn köprüsini gurýarys. Biz bulary durmuşa geçirýän wagtymyz, başga birleri bolsa gaharyndan ýaryljak bolýar. Bahyllyk etme işle, senem et" diýdi.

 



Degişli Habarlar