Erdogan: “ABŞ-nyň we Russiýanyň PKK/PÝD bilen hyzmatdaşlyk etmegini islemeýäris”

Prezident R.T.Erdogan Siriýada PKK/PÝD bilen ABŞ we Russiýanyň hyzmatdaşlyk etmegini islemeýändiklerini aýtdy

705915
Erdogan: “ABŞ-nyň we Russiýanyň PKK/PÝD bilen hyzmatdaşlyk etmegini islemeýäris”

“Eger PÝD/ÝPG bilen hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýän bolsaňyz Türkiýe oňa goşulmaz” diýen Erdogan; “Biz ABŞ-nyň hem Russiýanyň hem olar bilen arkalaşyk etmegini islemeýäris. DAİŞ-i Siriýada çykyrmaga biziň güýjümiz ýetmeýärmi? Näme üçin PÝD-ni ýanymyza almaly” diýdi.

Hususy teleýaýlymlardan birinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglara jogap beren Erdogan Siriýada täze bir operasiýanyň başlap biljekdigini duýrdurdy.

Erdogan: “Ýefrat galkanynyň” birinji tapgyry gutardy. Onuň dowamy bolar. Haşdi Şabi atly terror guramasy bar. Sinjaryň ikinji bir Kandil bolma ähtimallygy bar. Käbir güýçler Munbiçe PÝD-ni zor bilen getirmäge synanşýar. Munbiçde biziň derdimiz baýdak galgatmak däl. Rakkada operasiýa başlamak üçin Munbiç halas edilmeli” diýdi.

Erdogan Rakka barada anyk karara gelinmändigini, gepleşikleriň dowam edýändigini hem aýtdy.

Prezident Yragyn Kerkuk şäherindäki baýdak düşnüşmezligi barada bolsa; “Biziň bilşimizçi Kerkuk türkmen şäheridir. Kürtleriň ol ýerde edýäni basybalyjylykdyr. Demirgazyk Yragyň hökümetine ýalňyş hereket edýändiklerini duýdurdym” diýdi.

 



Degişli Habarlar