“Asudalymyza göz dikenler jerimesini tölär”

Prezident R. T. Erdogan “Asudalymyza göz dikenler jerimesini tölär”diýdi

701749
“Asudalymyza göz dikenler jerimesini tölär”

Prezident Erdogan Beştepe Millet medeniýet we kongres merkezinde geçirlen “Türkiýäniň ýagty geljegi üçin elbetde kabul” maslahatyna gatnaşdy.

Prezident Erdogan maslahatda sözlän sözünde terrora garşy göreşde ýetilen sepgide ünsi çekdi

Erdogan “Terrora garşy tutanýerli göreşümiz dowam edýär. Terror guramalaryna uly zarba urýarys. Tendürek dagynda, Judide, Gabarda, Besler Derelerde hinlerine çenli girdik. İçeri işler ministrligimiziň ýolbaşçylyk etmeginde ýaragly güýçlerimiz tutanýerli göreşi dowam etdirýär. Siriýada hem Jarablusy, Raini, Dabyky, Al Baby DAİŞ-li, PÝD-li terrorçylardan saplamak bilen ýolumyza dowam edýäris. Ýurdumyzyň asudalygyna göz dikenler jerimesini tölär” diýdi.

 



Degişli Habarlar