Türk ýaragly güýçleri Yragyň demirgazygyndaky Zap etrabyna howa operasiýasyyn gurady

Howa operasiýasynyň dowamynda ekstremist terror guramasy PKK agza 3 terrorçy ýok edildi

698752
Türk ýaragly güýçleri Yragyň demirgazygyndaky Zap etrabyna howa operasiýasyyn gurady

Şeýle-de operasiýada terrorçylara degişli ýarag pozisiýasy bilen 2 sany gaçybatalga hatardan çykaryldy.

Baş ştabdan berilen maglumatda Türkiýe wagty bilen sagat 10:46-11:32 aralygynda Yragyň demirgazygyndaky Zap etrabyna Howa güýçlerine degişli harby uçarlar bilen operasiýa geçirilendigi mälim edildi.

Terror guramasynyň agzalarynyň 22-nji martda Hakkari welaýatynyň Çukurja etrabyndaky Gerkitepe bazasyna guran, iki esgeriň şehit bolan ýaragly hüjümlerinden soň od açylan ýeriň top okuna tutulandygy barada aýdylýan maglumatda, 6 terrorçynyň ýok edilendiginiň anyklanandygy nygtalýar.



Degişli Habarlar