Kuweýdiň Emiri Türkiýede saparda bolýar

Kuweýdiň Emiri Al Sabah Prezident R.T. Erdoganyň çakylygyna laýyklykda düýn agşam Türkiýä geldi

695532
Kuweýdiň Emiri Türkiýede saparda bolýar

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan myhman lideri Ankara şäheriniň Esenboga howa menzlinde garşylady.

Iki lider ondan soň howa menzilinde ikiçäk duşuşyk geçirdiler.

Kuweýdiň Emiri Al Sabah bilen iki ýurdyň arasynda gepleşikleri tamamlanan dürli ugurlary öz içine alýan şertnamalara gol çekilmegine garaşylýar.

Al Sabaha Prezident Erdogan tarapyndan Döwlet nyşany beriler.


Etiketkalar: #Kuweýt , #Emir , #Türkiýe , #sapar , #nyşan

Degişli Habarlar