Türkiýäniň Premýer ministri gruziýaly kärdeşi bilen duşuşdy

Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrym düýn agşam Gruziýanyň Batumi şäherinde gruziýaly kärdeşi Giorgi Kwirikaşwili bilen duşuşdy

692485
Türkiýäniň Premýer ministri gruziýaly kärdeşi bilen duşuşdy

Duşuşykdan soň metbugat işgärlerine beýanat beren Premýer ministr Binali Ýyldyrym: “Türkiýäniň Artwin şäheri bilen Gruziýanyň Batumi şäheri biri-birlerine golaý. Her gün ençeme raýatlarymyz Türkiýeden Gruziýa we Gruziýadan Türkiýä gelip-gidýärler. Gruziýa bilen söwda gatnaşyklarymyz käbir päsgelçiliklere garamazdan barha artyp, dowam edýär. Dostum Kwirikaşwiliniň çakylygyna laýyklykda geldim. Meýilleşdirilmedik bir maslahat üçin geldik, meseleleri ara alyp maslahatlaşdyk” diýdi.

Duşuşygyň barşynda Türkiýe-Gruziýa ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilýän 2-nji maslahatyň taýarlyklary barada pikir alyşyldy.

Türkiýäniň Premýer ministri duşuşykdan soň Ankara tarap ugur aldy.



Degişli Habarlar