Ministr Kaýa Gollandiýanyň rasist, faşist pozisiýasyny BMG-da düşündirdi

Ministr Kaýa BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde Zenanyň statusy komissiýasynda çykyş etdi

692849
Ministr Kaýa Gollandiýanyň rasist, faşist pozisiýasyny BMG-da düşündirdi

Türkiýäniň Maşgala we sosial syýasatlar ministri Fatma Betül Saýan Kaýa BMG-nyň umumy geňeşinde Germaniýanyň we Gollandiýanyň neo-nasist hereketlerini düşündirdi.

Kaýa: “Gollandiýa diplomatik el degrilmesizligi bolan zenan ministriň söz we hereket azatlygyny bökdäp, Ýewropanyň we BMG-nyň ylalaşyklarynyň düzgünlerini bozdy. Dünýä bu gorkunç düzgün bozma garşy sessiz galmaly däl. Ulagymyň daşyny gaban ýörite topara od açmak barada ygtyýar berildi. Meni garşylamak üçin ýygnanan raýatlarymyz polisiýa gullugynyň itleri we atlary tarapyndan hüjüme sezewar galdylar. Ýurdumyň we ähli zenanlaryň adyndan bu rasist we daşary ýurt duşmançylygyny ýazgarýaryn” diýip belledi.

Gollandiýanyň hökümeti geçen hepdäniň şenbe güni Daşary işler ministr Mewlüt Çawuşoglynyň uçarynyň gonmagyna rugsat bermedi, Maşgala we sosial syýasatlar ministr Fatma Betül Saýan Kaýany bolsa Türkiýäniň Rotterdamdaky  konsullygynyň içine girmegine rugsat bermedi.

 



Degişli Habarlar