Türkiýäniň Premýer ministri Gruziýa sapar gurar

Binali Ýyldyrym Artwindäki Milli ygtyýar meýdançasynda halka ýüzlenip çykyş etmeginden soň, agşam Gruziýanyň Batumi şäherine geçer

692052
Türkiýäniň Premýer ministri Gruziýa sapar gurar

Türkiýäniň Premýer ministri Ýyldyrymyň Gruziýanyň Premýer ministri Kwirikaşwili bilen geçirjek duşuşgynda iki taraplaýyn gatnaşyklar giňişleýin ele alynar we Türkiýe-Gruziýa Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň şu ýyl geçiriljek 2-nji maslahatynyň taýarlyklarynyň üstünde durulyp geçiler.

Duşuşykda sebitleýin meseleler hem ara alynyp maslahatlaşylar.

Saparyň çäginde Binali Ýyldyrymyň Gruziýanyň Premýer ministri Giorgi Kwirikaşwili tarapyndan beriljek agşam naharyna hem gatnaşmagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar