“ÝB-ne agza ýurtlar Türkiýäniň ösüşine görübilmezçilik edýär”

Prezident R.T.Erdogan Germaniýanyň başda durmagynda ÝB-ne agza käbir ýurtlaryň Türkiýäniň ösüşini görübilmezçilik edýändigini aýtdy

690804
“ÝB-ne agza ýurtlar Türkiýäniň ösüşine görübilmezçilik edýär”

Erdogan Germaniýanyň we Gollandiýanyň gelşiksiz çemeleşmesiniň diplomatik taýdan hasabynyň soraljakdygyny, mesele boýunça Ýewropanyň Adam Hukuklary Kazyýetine ýüz tutuljakdygyny nygtap: “Häzirki wagtda Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel Gollandiýany goldaýandygyny beýan etdi. Gollandiýany näçe islese goldasyn. Gormatly Merkel terrorçylara goldaw berýäň, siz näme üçin şol terrorçylary ýurduňyzda saklaýaňyz? Näme üçin çäre göreňizok” diýdi.

Prezident Erdogan hususy teleýaýlymlardan birinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi.

R.T.Erdogan Gollandiýanyň Premýer ministri Mark Ruttäniň saýlaw kampaniýasynda özi baradaky gelşiksiz sözlerine berk garşylyk görkezdi.

Erdogan: “Gollandiýadaky jenap: “Bu ýurduň hojaýyny biz” diýýär. Aşagyna-da şu pikiriň suratyny goýupdyr, üssüne bolsa gadagan belgisini… Men onsuz hem hojaýyn däl. Meniň ýurdumyň hojaýyny millet, millet eý Rutte. Sen entek demokratiýa düşünmänsiň, sen ilki demokratiýany öwren” diýdi.

         Ýurtlaryň hojaýynynyň milletlerdigini nygtan Erdogan: “Premýer ministrler hojaýyn bolmaz. Şol ýurtlaryň hojaýyny demokratiýada milletdir. “Hojaýyn men” diýmeklik milletiňe äsgermezçilikdir. Onsuz hem bularda sylaşyk ýok we biz bu ýurtda hiç haçan hojaýyn bolmadyk, biz bu ýurtda agalyk hem etmedik” diýdi.

         Gollandiýanyň Wena konwensiýasyna düşünişiniň neonasizmden ybaratdygyny beýan eden Prezident: “Täze nasist akym diýip bileris. bularyň Wena konwensiýasyna düşünişi şundan ybarat. Günbataryň hakyky ýüzüni görkezýärler. Biz beýle görmek islemeýäris” diýip nygtady.

         Siriýadaky Munbiç operasiýasy barada-da beýannama beren Prezident: “Soňky döwürde terrorçylyga garşy göreşde uly netijeler aldyk. Men esgerlerimizi, polisimizi, goragçylarymyzy gutlaýaryn. Soňky birnäçe aýda uly operasiýalary amala aşyrdylar. Men Munbiçde-de ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi ÝPG-niň yza çekilmegini tama edýärin we Munbijiň halky yzyna dolanar. Biz indi göreş üçin hem stoluň başynda hem-de meýdanda iş alyp barýarys. Prezident Respublikasy ulgamy bilen bulary has gysga möhletde amala aşyrarys. PÝD/ÝPG-niň awtanomiýa yglan etmegi rowaýatdan ybarat. Türkiýeden bidin butnap bilmezler” diýdi.

         Prezident Erdogan Prezident Respublikasy dolanşyk ulgamy baradaky konstitutsion özgertme üçin 16-njy aprelde geçiriljek referendum barada bolsa: “İlatyň artmagy sebäpli halk deputatlarynyň sanyny hem artdyrarys. Halk deputatlygy üçin 18 ýaşly ýaşlara göwniýetmezçilik etmek nädogry. 18 ýaşynda halk deputaty bolan 65 ýaşynda hormatly dynç alyşa çykar. Harby kazyýetler ýapylar. İşjeň we täzelikçi dolanşyk düşünjesi ornaşdyrylar” diýdi.

 



Degişli Habarlar