Mewlüt Çawuşogly şu gün agşam Germaniýada türk raýatlar bilen duşuşar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly şu gün agşam Germaniýanyň Gamburg şäherinde türk raýatlar bilen duşuşjakdygyny we onuň öňüni hiç kimiň alyp bilmejekdigini belledi

686516
Mewlüt Çawuşogly şu gün agşam Germaniýada türk raýatlar bilen duşuşar

Mewlüt Çawuşogly Stambulda eden çykyşynda: “Biziň raýatlarymyz bilen duşuşmagymyza hiç kim päsgel bermeli däl. Demokratiýanyň, azatlygyň diregi bu. Ýewropanyň standartlary we gymmatlyklary hem edil şony beýan edýär” diýdi.

Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň we beýleki ministrleriniň duşuşyklaryna päsgel bermek üçin dowamly ýagdaýda işleriň alynyp barylýandygyny bellän Çawuşogly: “Türkýede geçiriljek referendumda goňşy ýurtlaryň, dostlukly ýurtlaryň, dost diýip hasap edýän ýurtlaryň bular ýaly tarapgöýli bolmagy we kabul edilmejek hereketler etmegi meniň pikirimçe örän utançdyr” diýip belledi.

Türkiýäniň Germaniýa bilen birlikde hiç bir ýurt bilen gatnaşyklaryň erbet bolmagyny islemeýändigini aýdan Çawuşogly: “Emma bize garşy düşmançylykly hereket edilen mahaly, elbetde biz hem onuň jogabyny bereris, aşagynda galmarys. Ony hem açyk aýtmagymyz möhüm” diýdi.

Germaniýada bolýan zatlaryň kabul edilmejekdigini nygtan Mewlüt Çawuşogly sözlerini şular ýaly dowam etdirdi: “Şu gün Germaniýada meniň geçirjek maslahatymyň binasynyň eýesine ilki polisiýanyň, soň razwedka gullugynyň işgärleriniň, soň bolsa näçe sany resmi bar bolsa goý bolsun et diýip basyş etmegi, adamyň hem kabul etmezliginden soň iş ýeriniň resminamasyny goý bolsun etmegi kabul edilip bilinjek bir zat däl. Bu adam hukuklaryna bap gelmeýär. Ol adama bular ýaly jeza berip Germaniýanyň bir ýere gelmegi mümkin däl” diýip habar berdi.



Degişli Habarlar