Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan 63 ýaşady

26-njy fewralda ýagny düýn Türkiýäniň Prezidentiniň dogulan günü boldy

680550
Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan 63 ýaşady

Düýn Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň başlygy Mesut Barzani bilen duşuşmak üçin Stambul şäherindäki Kysyklydaky öýünden çykan Prezident Erdogan adamlary görüp, ulagyndan düşdi.

Uly şowhun bilen garşylanan R.T. Erdogan özüne garaşýan adamlar bilen ýakyndan gyzyklandy, surata düşdi.

Mabeýn köşgüniň golaýynda bolsa Prezident Erdogany Adalat we ösüş partiýasynyň Ýaşlar golunyň agzalary garşylady.

Türkiýäniň Prezidenti ulagyndan düşdi we olar bilen hem söhbetdeş boldy.

Prezident Erdogan ondan soň bolsa köşge girdi.

Oňa garaşýanlara Ismail Hakky Ünalyň “40 hadysda ene-ata” kitaby sowgat berildi.

Prezident Erdogan agşam özüniň Twitter hasabyndan dogulan gününi gutlan ähli adamlara minnetdarlyk bildirdi.



Degişli Habarlar