Al Bab dolulygyna gözegçilik astyna alyndy
Türkiýäniň Ýaragly güýçleri Siriýanyň Al Bab sebitiniň dolulygyna gözegçilik astyna alynandygyny mälim etdi
679692
Baş ştab tarapyndan berilen beýanatda 2017-nji ýylyň 24-nji fewralynda Al Babyň ähli etrapçalarynyň gözegçilik astyna alynandygy habar berilýär.
Beýanatda gözegçilik astyna alynan ähli ýerlerde minalaryň we bombalaryň saplaýyş işleriniň geçirilýändigi bellenýär.
Beýanata görä Türkiýäniň ýaragly güýçleriniň ýolbaşçylygynda geçen ýylyň 24-nji awgustynda başladylan Ýewfrat galkany operasiýasynyň çäginde jemi 1925 inedördül km ýer gözegçilik astyna alyndy.
Degişli Habarlar
Türkiýeden Gaza Ugradylan Ynsanperwer Kömek Gämisi Müsüre Bardy
Türkiýeden häzire çenli 13 uçar we 8 gämi bilen 42 tonnalyk ynsanperwer kömegi Gaza ugradyldy.