DAIŞ-e garşy göreşde Türkiýäniň pozisiýasy ABŞ-nyň täze hökümetine düşündirildi

Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrym Siriýada terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşde Türkiýäniň pozisiýasynyň ABŞ-nyň täze hökümetine düşündirilendigini habar berdi

675938
DAIŞ-e garşy göreşde Türkiýäniň pozisiýasy ABŞ-nyň täze hökümetine düşündirildi

Binali Ýyldyrym bir terror guramasynyň beýleki bir terror guramasy bilen ýok edilmegini kabul etmejekdiklerini nygtady.

Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrym Germaniýanyň Mýunhen şäherinde geçen hepdäniň ahyrynda geçirilen 53-nji Mýunhen howpsyzlyik maslahatynyň çäginde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda Siriýadaky wakalar we operasiýalar bardy.

“Bir terror guramasy bilen beýleki bir terror guramasynyň ýok edilmäge synanyşylmagy dogry däl” diýen Binali Ýyldyrym: Terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşde Al Babdan soň Türkiýäniň goldaw berjekdigini, emma operasiýalarda terror guramalarynyň ýer almazlygy şerti bilen goldaw berip biljekdigini habar berdi

Türkiýäniň Ýewfrat galkany operasiýasynyň çäginde Al Babda DAIŞ-e garşy göreşde ýerine ýetiren ýoly nähili bolan bolsa, Rakkada hem şolar ýaly boljakdygyny aýdan Türkiýäniň Premýer ministri Azat Siriýa goşunynyň goldawynyň belkem dowam edip biljekdigini ABŞ-nyň täze hökümetine ýetirendiklerini habar berdi.

ABŞ-nyň täze hökümeti bilen täze sahypanyň açylandygyny bellän Binali Ýyldyrym ABŞ-nyň Wise-prezidenti Maýk Pens bilen geçiren duşuşyklarynda Rakka operasiýasyna aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky goly bolan ÝPG-niň gatnaşmajakdygy barada täsir galdyrandygyny belledi.

Manbij meselesiniň üstünde durup geçen Binali Ýyldyrym Türkiýäniň Manbij bilen baglanşykly pozisiýasynyň anykdygyna ünsleri çekip Manbijiň PÝD-den saplanjakdygy barada ABŞ-nyň beren sözüniň ýerine ýetirilmegine garaşýandyklaryny ýatlatdy.

Al Babda saplaýyş işleriniň geçirilýändigini aýdan Ýyldyrym: “Al Babda näçe terrorçy bar bolsa bolsun, ählisi saplanar” diýdi.

PÝD-niň terror guramasydygyna ünsleri çeken Türkiýäniň Premýer ministri Ýewfrat derýasynyň günbatarynda ýerleşen PÝD bilen bagly hem beýanat berdi.

Ýyldyrym: “Terror howpy nireden gelse gelsin, biziň ony ýok etmäge hukugymyz bar. Biz hyzmatdaşlarymyza geliň PÝD bilen dälde, Türkiýe bilen iş salyşyň diýýäris” diýdi.



Degişli Habarlar