Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň gyşky harby türgenleşigi başlady

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň gyşky harby türgenleşigi Kars welaýatyndaky Akbaba harby meýdançasynda başlady

673677
Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň gyşky harby türgenleşigi başlady

Iki ýylda bir gezek geçirilýän harby türgenleşik bilen harby toparlaryň garly we aşa sowuk howada söweşjeň başarnyklarynyň, söweşjeň ruhunyň janlandyrylmagynyň, od açmak we manýowrlaryň sinhronlaşdyrylmagynyň artdyrlmagy maksat edinilýär.

Türgenleşikde harby bölümleriň gyş aýlarynda meýdanda ýerleşiş, ýaşaýyş, egin-eşik, üpjünçilik we tehniki hyzmatlar ýaly esasy ugurlaryň üstünde tälimleriniň we başarnyklarynyň ösdürilmegi maksat edinilýär.

Jemi 1378 harbynyň gatnaşmagynda geçirilýän türgenleşikde biri-birinden tapawutly 330 ulag we 1281 ýarag ulanylar.

Harby tügenleşige Azerbaýjan, Gruziýa ýaly ýurtlar bilen birlikde daşary ýurtlardan gelen 40 töwerek synçy gatnaşýar.



Degişli Habarlar