10 ýaşly türk gyzy Talýa Özdemir, BMG-niň münberinde çykyş etdi

“Zenanlaryň lukman, inžener ýa-da ylmyň beýleki ugurlarynda galkynyşyna goşandy ýokary bolan ýurdum Türkiýe meni buýsandyrýar”

670834
10 ýaşly türk gyzy Talýa Özdemir, BMG-niň münberinde çykyş etdi

BMG-niň Baş Assambleýasynda “Zenan alymlaryň Halkara gününde” geçirilen mejlisde çykyş eden 10 ýaşly türk gyzy Talýa Özdemir, BMG-niň münberinde çykyş eden iň ýaş türk derejesine eýe boldy.

BMG-niň Baş Assambleýasyndaky mejlise köp sanly ýurtdan we jemgyýetçilik guramasynda wekiller gatnaşdy, Türkiýeden gelen gatnaşyjylaryň hatarynda 10 ýaşly türk gyzy Talýa Ödemir hem bardy.

Özdemir çykyşynda: “Zenanlaryň lukman, inžener ýa-da ylmyň beýleki ugurlarynda galkynyşyna goşandy ýokary bolan ýurdum Türkiýe meni buýsandyrýar” diýdi.


Etiketkalar: #münber , #çykyş etmek , #BMG

Degişli Habarlar