Premýer ministr şu gün ABŞ-nyň Wise-prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirer

Prezident Erdogan hem düýn ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçiripdi

668923
Premýer ministr şu gün ABŞ-nyň Wise-prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirer

Premýer ministr Binali Ýyldyrym şu gün ABŞ-nyň Wise-prezidenti Maýkl Pens bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirer.

Ak Tam tarapyndan berlen beýanatda Pens bilen Ýyldyrymyň şu gün telefon arkaly söhbetdeşlik geçirjekdigi nygtaldy.

Prezident R. T. Erdogan hem düýn ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçiripdi.

Prezidentiň metbugat gullugy tarapyndan berlen beýanatda Erdogan bilen Trampyň Türkiýe bilen ABŞ-nyň dost we hyzmatdaş iki ýurtdyny nygtandyklary bellenildi.



Degişli Habarlar