Türkiýäniň Al Bab operasiýasynda iki türk esger ýogaldy

Baş ştab 169 gün bäri dowam edýän Ýewfrat galkany operasiýa bilen bagly maglumat berdi

667939
Türkiýäniň Al Bab operasiýasynda iki türk esger ýogaldy

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň ýolbaşçylygyndaky Siriýanyň Al Bab sebitinde dowam etdirilýän operasiýada 2 esger ýogaldy, 15 esger ýeňil ýagdaýda ýaralandy.

Ýüze çykan çaknyşyklarda DAIŞ-e agza 58 terrorçy öldürildi.

Sebitde strategik taýdan wajyp bolan depeler Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň goldaýan Azat Siriýa goşuny tarapyndan basylyp alyndy.

Howadan we gury ýerden geçirilen opersiýalarda DAIŞ-e agza 58 terrorçy öldürildi.

Şoňa görä Guryýer goşunlarynyň düzümindäki artilleriýa bilen terror guramasy DAIŞ-e degişli 189 ýer nyşana alynyp, od açyldy.

Türk harby uçarlar 65 aýry ýere guran howa hüjümlerinde 58 bina, 1 ştab, 3 tuneliň girelgesi, 2 gözegçilik merkezi we 1 sany ýaragly ulagy hatardan çykardy.

Hyzmatdaş güýçleriň howa operasiýalarynda bolsa 10 bina, 1 tuneliň girelgesi, 1 söweşjeň liniýa we 1 sany sowutly ulag nyşana alyndy.

Al Bab sebitiniň dolulygyna gözegçilik astyna alynmagy üçin başladylan Ýewfrat galkany operasiýasy arakesmesiz dowam edýär.



Degişli Habarlar