FETÖ-niň ýolbaşçysy Güleniň yzyna berilmegi üçin ABŞ-na goşmaga subutnama hödürledi

Tramp döwründe Güleniň yzyna berilmegi üçin goşmaga subutnamalary öz içine alýan delo hödürlendi

661429
FETÖ-niň ýolbaşçysy Güleniň yzyna berilmegi üçin ABŞ-na goşmaga subutnama hödürledi

Türkiýe 15-nji iýulda agdarlyşyk etmäge synanşan Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň yzyna berilmegi üçin ABŞ-na goşmaga subutnama hödürledi.

Izmiriň welaýat prokuroturasy tarapyndan taýarlanan FETÖ deilnamasynda şaýatlaryň agdarlyşygyň hut Güleniň görkezmesine laýyklykda taýarlanandygyny öz içine alýan düşündirişleri terjime edildi we goşmaça delo hökmünde ABŞ-nyň Adalat ministrligine hem internet arkaly hem-de ýazmaça görnüşde ugradyldy.

Delilnamadaky “Kuzgun” lakamaly şaýat  düşündirişinde, Türk ýaragly güýçleriniň hatarynda ýer alýan gaçgak “ymam” hökmünde bilinýän Adil Öksüziň agdarlyşyk meýilnamasyny taýarlanlardan biridigini  we meýilnamanyň 2016-njy ýylyň 12-nji iýulynda ABŞ-da Gülene tassykladandan soň durmuşa geçirilmäge başlanandygyny nygtady.

“Şapka” lakamly başga bir şaýat hem düşündirişinde meýilnamanyň paýtagt Ankaradaky willalaryň birinde Güleniň görkezmesine laýyklykda taýarlanandygyny we Adil Öksüziň ýörite ABŞ-na gidendigini we meýilnamany Güle hödürländigini aýdypdy.

ABŞ-nyň, 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyny meýilleşdirenlerden biri bolan Adil Öksüziň şol ýurda gidip gelen seneleriniň kesgitlenilmegini isländigi nygtaldy.

Goşmaça deloda ABŞ-na Adil Öksüziň ABŞ-na gidip gelen senelerinden uçardaky kürsi nomerine çenli doly maglumat berildi.

Şeýlelikde täze Prezident Donald Tramp döwründe Güleniň yzyna berilmegi üçin goşmaga subutnamalary öz içine alýan delo hödürlendi.

 



Degişli Habarlar