Bikanun ýollardan Türkiýä girmäge synanşan 3 terrorçy tussag edildi

Siriýadan bikanun ýollardan Türkiýä girmäge synanşan 3 terrorçy tussag edildi

658649
Bikanun ýollardan Türkiýä girmäge synanşan 3 terrorçy tussag edildi

Aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi PÝD-niň gözegçiligindäki Resulýan şäherinden bikanun ýollardan Şanlyurfanyň Jeýlanpynar etrabyndan Türkiýä girmäge synanşan terrorçylara goldaw beren 2 adam hem göz tussaglygyna alyndy.

Terrorçylaryň Şanlyurfada hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändikleri anyklanyldy.

Tunjelide bolsa bikanun çepçi guramalara garşy guralan operasiýada 10 adam tussag edildi.

Tunjeliniň Nazmiýe etrabynda guralan operasiýada bolsa 400 kilogramlyk amonýum ele geçirildi.

Şyrnak welaýatynyň Silopi etrabynda aýralykçy terror guramasy PKK tarapyndan goýlan partlaýjy maddalary täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Batmanyň Hasankeýf etrabynda bolsa terror guramasy PKK-a degişli gaçybatalgalaryň, gowaklaryň we ammaryň bardygy anyklanyldy.

 



Degişli Habarlar