Türkiýe bilen Tanzaniýanyň arasyndaky gatnaşyklar pugtalanýar

Türkiýe bilen Tanzaniýanyň arasynda 9 şertnama bilen hyzmatdaşlyk teswirnamasy baglaşyldy

657823
Türkiýe bilen Tanzaniýanyň arasyndaky gatnaşyklar pugtalanýar

Prezident R. T. Erdoganyň Afrika ýurtlaryna guran resmi saparynyň ilkinji duralgasy bolan Tanzaniýada, Türkiýe bilen Tanzaniýanyň arasynda 9 şertnama bilen hyzmatdaşlyk teswirnamasy baglaşyldy.

Saparyň çäginde goranyş senagaty, galkynyş, bilim we saglygy goraýyş pudagy bilen birlikde Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT bilen Tanzaniýanyň Milli Telewideniýe we Radio kanalynyň arasynda hyzmatdaşlyk teswirnamasyna, Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa Akademiýasy bilen Tanzaniýanyň Daşary işler we Gündogar Afrika hyzmatdaşlyk ministrliginiň Daşary gatnaşyklar merkeziniň arasynda hyzmatdaşlyk teswirnamasy baglaşyldy.

 

 



Degişli Habarlar