Erdogan: “Türkiýe içerden we daşardan uly hüjüm astynda”

Prezident R.T.Erdogan Prezidentiň kompleksinde etrap häkimlerini kabul etdi

648159
Erdogan: “Türkiýe içerden we daşardan uly hüjüm astynda”

Erdogan häkimlere ýüzlenip eden çykyşynda Türkiýäniň içerden we daşardan uly hüjüme sezewardygyny aýtdy

Erdogan: “Bu hüjümler ejizdigimiz üçin däl, eýsem güýçli, güýçlenýän ýurt bolandygymyz üçin guralýar” diýdi.

Üstünligiň birinji şertiniň ýurduň içinde asudalygyi howpsyzlygy we abadançylygy üpjün etmeklikdigini nygtan Prezident Erdogan, terror guramalaryny hamala diýersiňiz nobatma-nobat Türkiýede aksiýa guramaga gönükdirýänleriň şolaryň bolmazlygyny isleýändigini nygtap: “15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynyň başda durmagynda bu uğurda ellerindäki ähli serişdeleri ulandylar, ulanýarlar. Türkiýäniň öňünde atlary we ýollary tapawutly ýaly görünýän hem bolsa şol gurama bar. Biz bularyň ählisine birden terror guramasy diýýäris. Tarapdarlaryna-da terrorçy diýýäris. Olaryň ählisi döwletimiziň, milletimiziň düşmany” diýdi.

Terror guramasy DAİŞ-e garşy göreşi ýakyn geçmişe çenli birinji nobatda gören ýurtlaryň şu günki günde tas şol gurama hemaýat edýändigini nygtan Erdogan: “Sebitiň taryhy, dini, etniki, medeni gurluşyna üns bermän, ählisini kagyz ýüzünde meýilleşdirilen taslamalar ýeke-ýekeden puja çykýar. Türkiýe ine ähli bu haos şertlerinde hem özi hem-de doğanlary üçin iň gowusyny etmegiň ugrunda” diýdi.

Esasy çözgüdiň Siriýanyň we Yragyň asudalyga gowuşmagydygyny nygtan Prezident Erdogan, iki ýurtda başdan geçirilýän her bir wakanyň Türkiýä gönüden-göni täsir ýetirýändigini beýan etdi.

Erdan sebitdäki wakalara gönüden ýa-da aýlawly ýollardan goşulýan ýurtlaryň esasy böleginin Siriýanyň we Yragyň halkyny eşretli günlere ýetirmek diýilýän aladalarynyň bolmandygynyň ýüze çykandygyny aýtdy.



Degişli Habarlar