Türkiýäniň ABŞ-nyň täze hökümetinden esasy 2 sany tamasy bar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly resmi Waşingtonyň täze döwürde ozalky käbir ýalňyşlyklaryny dowam etdirmejekdigine ynanýandyklaryny habar berdi

647463
Türkiýäniň ABŞ-nyň täze hökümetinden esasy 2 sany tamasy bar

Mewlüt Çawuşogly: “Esasy iki sany tamamyz bar. Birinji Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň ýolbaşçysynyň we beýleki dolandyryjylarynyň iň tiz wagtda ýurdumyza gaýdyp berilmegi. Ikinjisi bolsa ABŞ-nyň aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky goly bolan ÝPG bilen hyzmatdaşlygyny bes etmegi” diýip belledi.

Baş ilçileriň 9-njy konferensiýasynda açylyş dabarasynda çykyş eden Çawuşogly: “ABŞ-nyň ozal goýberen ýalňyşlaryny dowam etdirmejekdigine ynanýarys. Esasy iki sany tamamyz bar. Birinji Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň ýolbaşçysynyň we beýleki dolandyryjylarynyň iň tiz wagtda ýurdumyza gaýdyp berilmegi. Ikinjisi bolsa ABŞ-nyň aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky goly bolan ÝPG bilen hyzmatdaşlygyny bes etmegi” diýdi.

Ministr Çawuşogly: “PKK-nyň Yrakda ençeme ýyl bäri basyp alan ýerlerini ulaltmagyna we Kandile meňzeş ýenede bir ýeri döretmegine tomaşa etmejekdigimizi ýenede bir gezek belläp geçýärin” diýdi.



Degişli Habarlar