Erdogan: “FETÖ we PKK käbir ýurtlarda horluk gören ýaly garalýar”

Prezident R.T. Erdogan Baş ilçileriň 9-njy konferensiýasynda çykyş etdi

647587
Erdogan: “FETÖ we PKK käbir ýurtlarda horluk gören ýaly garalýar”

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Günbatar dünäsiniň terrorçylara altyndan podnosyň üstünde gaçypatalga hödürleýändigini belläp: “Fetullahçy terror guramasy we aýralykçy terror guramasy PKK-ly terrorçylar käbir ýurtlarda horluk gören ýaly garalýar” diýip nygtady.

Prezident R.T. Erdogan Baş ilçileriň 9-njy konferensiýasynda çykyş etdi.

FETÖ-niň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygynyň taryha, döwlede we millete garşy edilen ilkinji bolmasada iň hilegär we iň uly hyýanatçylykdygyny aýdan Erdogan agdarlyşykçy FETÖ agza eli ganly ganhorlaryň käbir Ýewropa ýurtlarynda horluk gören ýaly kabul edilýändigini, öz penalary astyna alýandyklaryny habar berdi.

Prezident Erdogan: “15-nji iýul nähili ýagdaýda hyýanatçylar bilen watansöýüjilerini biri-birinden aýyran bolsa, daşary ýurtlarda hem şolar ýaly boldy. FETÖ-ji we PKK-ly terrorçylara gaçypatalga altyndan podnosyň üstünde hödürlenýär, kabir Ýewropa ýurtlarynda bolsa horluk gören ýaly kabul edilýär. Janlaryny halas etmek üçin bir tabak çorba üçin gapysyna gelenleri kowanlar, agdarlyşykçylara gapylaryny açýarlar. Gara sanawda bolup gaçan FETÖ agza terrorçylar ABŞ-da bir uniwersitetleriň birine rektor edip wezipä bellenýär” diýip mälim etdi.

Erdoğan: “Ýewropada raýatlarymyzyň iş ýerlerine, ybadathanalaryna guralýan hüjümleriň artýandygyny görýäris. Onuň ady ot bilen oýnamak. Günbatarda artan medeni rasizm, bu ýurtlardaky musulman azlyklaryň howpsyzlyklary babatyndaky aladalarymyzy örän artdyrýar. Bütin dünýäde parahatçylygyň we asudalygyň ýola goýulmagy üçin ol hereket örän howplydyr” diýdi.



Degişli Habarlar