Bilim ministri Saud Arabystanynyň Türkiýedäki ilçisini kabul etdi

Türkiýäniň Bilim ministri Ismet Ýylmaz Saud Arabystanynyň Türkiýedäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Adel Siraž Merdady kabul etdi

Bilim ministri Saud Arabystanynyň Türkiýedäki ilçisini kabul etdi

Kabul edilşikde Türkiýäniň we Saud Arabystanynyň hyzmatdaşlygynyň üstünde durup geçen Ismet Ýylmaz ilçiniň iş alyp baran ýyllarynda iki ýurduň gatnaşyklarynyň has hem ösendigini belledi.

Ýylmaz Saud Arabystanynyň esasan hem Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygynda we ondan soň hökümetiň we türk halkynyň ýanynda bolandygyny belläp, şol sebäpli minetdarlyk bildirdi.

Wezipesi tamamlanan ilçi Merdad bolsa Türkiýede iş alyp baran 3 ýylyň dowamynda gatnaşyklaryň has hem özgerendigini nygtady.

Merdad kabul edilşikde ýurdunda Fetullahçy terror guramasynyň mekdepleriniň ýokdugyny habar berip, guramanyň metbugat organlarynyň hem ýapylandygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar