“ABŞ şu günki güne çenli ÝPG-e ýarag berdi. Nokat!”

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky goly ÝPG-e ýarag kömegini bermändigini aýdan ABŞ-na jogap berdi

640071
“ABŞ şu günki güne çenli ÝPG-e ýarag berdi. Nokat!”

Mewlüt Çawuşogly: “ABŞ şu günki güne çenli ÝPG-e ýarag berdi. Nokat!” diýdi.

Hususy telewideniýeleriň birine interwýu beren Çawuşogly: “Amerikanyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçler eýýäm ençeme wagt bäri Ýewfrat galkany operasiýasyna howadan goldaw bermeýär. PÝD-e we ÝPG-e ýarag kömegini berýär. Nokat! Olaram şony örän gowy bilýär. Bizem şony örän gowy bilýäris. ABŞ ÝPG ýarag kömegini berýär. Nokat!” diýdi.

Prezident R.T. Erdoganyň ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara hyzmatdaş güýçleriň terror guramasy DAIŞ başda bolmak bilen ÝPG-e, PÝD-e goldaw berýändigini bellemeginden soň ABŞ-nyň Türkiýedäki ilçihansayndan ýazmaça beýanat berilipdi. Ilçihana beýanatynda: “ABŞ-nyň hökümeti ÝPG-e ýa-da PKK-a ýarag we partlaýjy babatynda kömek bermeýär, nokat” diýipdi.



Degişli Habarlar