Ýyldyrym Kwirikaşwili bilen duşuşdy

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Stambulda Gürjistanyň Premýer ministri Giorgi Kwirikaşwili bilen duşuşdy

634400
Ýyldyrym Kwirikaşwili bilen duşuşdy

Ýyldyrym duşuşykda Russiýanyň Türkiýedäki ilçisi Andreý Karlowa guralan hüjümiň iki ýurduň gatnaşyklaryna zeper ýetirmejekdigini aýtdy.

Ýyldyrym: “Terror nireden gelse gelsin, kim tarapyndan guralsa guralsyn, ýurdumyz, milletimiz we hökümetimiz arkalaşyk bilen şu we şuňa meňzeş bela-beteriň hötdesinden geler” diýdi.

Premýer ministr Ýyldyrym mesheti türkleriniň Gürjistana utgaşdyrylmagy üçin Türkiýäniň ähli goldawy bermäge taýardygyny nygtap: “Gürjistan 2007-nji ýyldan bäri esasy söwda hyzmatdaşymyz. Özara söwda mukdaryny hasam ösdürmegi maksat edinýäris. Hem howa gatnawy hem-de gury ýer gatnawynda bökdençlikleri ortadan aýyryp, iki ýurduň arasyndaky ykdysady utgaşyklygy has-da ösdüreris. Gürjistan bilen Türkiýäniň arasynda iki taraply maýa goýumlar hem dowam edýär” diýdi.

Gürjistanyň Premýer ministri Giorgi Kwirikaşwili bolsa: “Ýewraziýa tuneli Ýewropa bilen Aziýa kontinentlerini birleşdirip, täze transport şertlerini döredýär. Gürjistanyň we Türkiýäniň maksady hyzmatdaşlarymyz bilen birlikde taryhy Ýüpek Ýoluny dikeltmekden ybarat we şu gün açylyşyna gatnaşjak taslamamyz hem taryhy Ýüpek Ýolunyň dikeldilmegine goşant goşar” diýdi.



Degişli Habarlar