Terrorçylykly hüjüme görkezilýän garşylyklar dowam edýär
Ýuduň çar tarapynda we DKTR-da hüjüme garşy ýöriş guraldy we terror näletlendi



Stambulda şenbe güni guralan we 44 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjüme görkezilýän garşylyklar dowam edýär.
Ýuduň çar tarapynda we DKTR-da hüjüme garşy ýöriş guraldy we terror näletlendi.
Stambulda hüjümiň guralan ýerinde bir ýere jemlenşen halk terrora garşy şygarlar aýtdy we jebislik ýüzlenmesini berdi.
Sport janköýerleri hem Wodafone Arena stadionynyň öňünde ýöriş gurady.
Ulaglaryny türk baýdaklary bilen bezän taksiçiler hem Şehitler depesine çenli geldiler.
Taksiçiler Garaşsyzlyk mukamynyň aýdylmagyndan soň şehitler üçin Gurhan okadylar.
Mardinde, Bingölde, Batmanda, Muglada, Antalýada, Kyrykkalede, Ankarada, Gümüşhanede, Kastamonuda, Çanakkalede we Osmaniýede hem 7-den 77-ä çenli türk baýdaklary bilen köçä çykan halk terrory näletledi.
Stambulda guralan terrorçylykly hüjüme garşy DKTR-da hem ýöriş guraldy.