Türkiýe bilen Russiýa söwda gatnaşyklarynda ýerli pul birlikleriniň ulanylmagy üçin işe girişdi

Ýyldyrym Ria Nowosta beren beýanatynda iki taraply gatnaşyklar we sebitde başdan geçirilýän wakalar hakynda maglumat berdi

625937
Türkiýe bilen Russiýa söwda gatnaşyklarynda ýerli pul birlikleriniň ulanylmagy üçin işe girişdi

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Türkiýe bilen Russiýanyň söwda gatnaşyklarynda ýerli pul birlikleriniň ulanylmagy üçin işe girişendigini aýtdy.

Premýer ministr Ýyldyrym rus habarlar gullugy Ria Nowosta beren beýanatynda iki taraply gatnaşyklar we sebitde başdan geçirilýän wakalar hakynda maglumat berdi.

Türkiýe bilen Russiýanyň söwda gatnaşyklarynda ýerli pul birliklerini ulanmagy hakynda durup geçen Ýyldyrym “Söwda gatnaşyklarynda ýerli pul birlikleriniň ulanylmagy meselesini ara alyp maslahatlaşdyk. Rus tarapy mesele bilen ýakyndan gyzyklanýar. İki ýurduň merkezi banklary işe girişdi”diýip belledi.

Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklar hakynda durup geçen Ýyldyrym; “Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhy diýseň çuň. Gatnaşyklar kämahal ösýär kä mahal bolsa käbir bökdençlikler başdan geçirilýär. Döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda şeýle pursatlar başdan geçirlip bilner. ÝB-niň kabul eden karary beýle möhüm däl. Edil ýaňy ýakynda rus Sputnik habarlar gullugy hakynda kabul eden karary hem şeýle. ÝB Sputnigiň habarlaryndan hoşal däl. Şol sebäpli hem şol habarlar gullugynyň işini çäklendirmek isleýär. Bir tarapdan söz azatlygy barada gürrüň edýär, beýleki tarapdan bolsa muny diňe öz bähbidi üçin ulanýar”diýdi.

Premýer ministr Ýyldyrym Türkiýäniň Siriýada akýan ganyň durmagyny isleýändigini aýratyn belledi.

 



Degişli Habarlar