Türkiýäniň Ysraýyldaky ilçisi wezipesine bellenen Ökem wezipesine 12-nji dekabrda başlar

Türkiýäniň Ysraýyldaky ilçisi wezipesine bellenen Kemal Ökem wezipesine 12-nji dekabrda başlar

622307
Türkiýäniň Ysraýyldaky ilçisi wezipesine bellenen Ökem wezipesine 12-nji dekabrda başlar

Diplomatik çeşmelerinden alynan maglumata görä Türkiýe-Ysraýyl gatnaşyklarynyň kadalaşmagyndan soň ikitaraplaýyn ilçileri bellemek etaby hem tamamlanýar.

Ysraýylyň Türkiýedäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi edip bellenen Eitan Naeh 1-nji dekabrda Ankara gelmeginden soň, Türkiýäniň Ysraýyldaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Kemal Ökem hem 12-nji dekbarda wezipesine başlar.

Ökem 12-nji dekabrda Ysraýylyň Prezidenti Reuwen Riwline ynam hatyny gowşuryp, resmi ýagdaýda wezipesine başlar.

Ysraýylyň Ankaradaky ilçisi Naeh Ankaranyň Esenboga howa menzilinde metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berip Türkiýede ilçi bolup işlemekden hoşaldygyny we resmi ýagdaýda wezipä başlajak güne sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny nygtady.



Degişli Habarlar