Yrakdan gaçan PKK-ly 2 terrorçy türk howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi

Beýleki tarapdan bolsa Hakkari welaýatyndaky operasiýalarda 4-nji awgustdan bäri täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 513-e ýetdi

613527
Yrakdan gaçan PKK-ly 2 terrorçy türk howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi

Yragyň demirgazgyndaky Zap sebitinden gaçan  aýralykçy terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy Türkiýäniň Hakkari welaýatynyň Çukurja etrabyndaky howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi.

Boýun egen 2 terrorçynyň PKK-nyň öz hataryna zor bilen goşandygyny we eýýäm ilkinji günden başlap kynçylyklary başlaryndan geçirmäge başlandyklaryny mälim etdiler.

Guramada liderlerden başga ähli agzalaryň erbet şertlerde ýaşaýandyklaryny aýdan 2 PKK-lynyň terrorçylaryň kiçi ýaşdaky çagalary agyr işlerde ulanýandyklaryny habar berdiler.

Beýleki tarapdan bolsa Hakkari welaýatyndaky operasiýalarda 4-nji awgustdan bäri täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 513-e ýetdi.


Etiketkalar: #Zap , #Yrak , #terrorçy , #PKK , #Hakkari

Degişli Habarlar