Türkiýäniň Prezidenti Pakistanda saparda bolýar

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň 2 günlük Pakistan sapary başlandy

612301
Türkiýäniň Prezidenti Pakistanda saparda bolýar

Prezident Erdogany Yslamabad Nur Han howa bazasynda Pakistanyň Premýer ministri Nawaz Şerif garşylady.

Prezident Erdogan ondan soň Pakistanyň Prezidenti Memnun Hüseýin bilen Prezident köşgünde duşuşdy.

Erdogan pakistanly kärdeşi bilen ikiçäk duşuşyk geçireninden soň, hormatyna berilen agşam naharyna gatnaşdy.

Wekiliýetiň düzüminde Wise-premýerler Weýsi Kaýnak we Tugrul Türkeş bilen Baş ştabyň başlygy Hulusi Akar, käbir ministrler we işewür adamlar bar.

Saparyň çäginde Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamyna degişli mekdepleriň üstünde durulyp geçiler.

Pakistanyň hökümeti FETÖ degişli 23 mekdepdäki 108 mugallyma we olaryň maşgalalaryna 20-nji noýabra çenli ýurdy terk etmeklerini isledi.

Prezident Erdogan Pakistanyň Milli mejlisinde we senatynda umumy çykyş eder.

Iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar hem gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleriniň biri bolar.

Liderler özara duşuşyklarynda 700 million dollar derejesindäki söwda kuwwadynyň artdyrylmagyny ara alyp maslahatlaşarlar.

Türkiýäniň Prezidenti Pakistan saparyndan soň Özbegistana geçer.



Degişli Habarlar