Ibrahim Kalyn Belgiýanyň Premýer ministrine ýazmaça jogap berdi

Prezidentiň Diwanynyň metbugat sekretary İbrahim Kalyn Belgiýanyň terrora garşy babatynda ynamly ädimler ätmelidigini belledi

612677
Ibrahim Kalyn Belgiýanyň Premýer ministrine ýazmaça jogap berdi

Ibrahim Kalyn Prezident Erdoganyň Pakistan saparyndan ozal geçiren metbugat ýygnagynda aýdan “Belgiýa diňe PKK-nyň däl, eýsem Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň hem wajyp salgysydyr” sözlerini “Manysyz, esaslandyrylmadyk, ygtybarsyz” diýip häsýetlendiren Belgiýanyň Premýer ministri Çarles Mişeliň beýanatyna ýazmaça jogap berdi.

Kalyn beýanatynda: “Belgiýanyň hökümeti açyk we görünip duran hakykatlary inkär etmegiň ýerine terrora garşy göreş babatynda ýürekden, tutanýerli we berk pozisiýa eýelemeli, bolup geçen ýalňyşlyklary düzeldip boljak ädimleri gaýragoýulmasyz etmelidir” diýip belledi.



Degişli Habarlar