Atatürk dünýeden öten gününiň 78-nji ýylynda uly hormat bilen hatyralanýar

Atatürke bagyşlanan ilkinji çäre Atatürkiň aramgähinde geçirildi

607622
Atatürk dünýeden öten gününiň 78-nji ýylynda uly hormat bilen hatyralanýar

Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy beýik baştutan Mustafa Kemal Atatürk dünýeden öten gününiň 78-nji ýylynda uly hormat bilen hatyralanýar.

Döwlet ýolbaşçylary Atatürkiň dünýeden öten gününe bagyşlanan çäreleriň çäginde ilki Atatürkiň aramgähinde duşuşdy.

Sagat 09.05-de ýagny Atatürkiň baky uka giden wagty Türkiýäniň çar tarapynda Atatürk üçin hormatly dymyşlyk edildi.

Atatürke bagyşlanan ilkinji çäre Atatürkiň aramgähinde geçirildi.

Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylyk etmegindäki resmi wekiliýet Atatürkiň aramgähine bardy.

Prezident Erdogan aramgähiň ýörite depdegine “Eziz Atatürk, şu gün seniň dünýeden öten gününiň 78-nji ýylynda Milli Azat söweşimiziň serkerdebaşysyny, Respublikasymyzyň esaslandyryjysyny ýene-de bir gezek uly hormat bilen hatyralaýarys. İň uly eserim diýip bize amanat eden Respublikaňa eýe çykýarys we ähli taraplaýyn güýçli ädimler bilen öňe barýarys. Terror guramalarynyň we dönük toparlaryň, olardan peýdalanýan güýçleriň asudalygymyzy, durnuklylygymyzy, bitewiligimizi we müň ýyllyk doganlygymyzy bozmagyna asla rusgat bermeris. Ýatan ýeriň ýagty bolsun” diýip ýazdy.

Her ýyl adaty ýagdaýda Atatürk Medeniýet, dil we taryh ýokary geňeşinde adaty ýagdaýda geçirilýän Atatürke bagyşlanan maslahat şu ýyl ilkinji gezek Prezidentiň kompleksinde geçirler.

Türkiýäniň Atletika federassy tarapyndan  geçiriljek çärede bolsa ýaşlar Atatürki hatyralamak üçin ylgar.

Atatürki hatyralamak isleýänler günortadan soň ýene bir gezek Atatürkiň aramgahinde duşuşar.

Baş ştab tarapyndan geçiriljek çärede 1881-nji ýylda doglan Atatürkiň hormatyna  ak we gyzyl reňklerdäki 1181 çar uçurlar.

 



Degişli Habarlar