7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

6-sy erkek we 1-i zenan bolmak bilen jemi 7 terrorçynyň jesedi tapyldy

606806
7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Tunjeli welaýatynda howpsyzlyk güýçleri tarapyndan howadan guralan operasiýada aýralykçy terror guramasy PKK-a agza 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Welaýat häkimligi tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda Tunjeliniň Bali Deresi etrapçasyna howa hüjüminiň guralandygy nygtaldy.

Howa hüjüminden soň howpsyzlyk güýçleri tarapyndan gury ýerden guralan operasiýada 6-sy erkek we 1-i zenan bolmak bilen jemi 7 terrorçynyň jesediniň tapylandygy bellenildi.

Beýanatda terrorçylaryň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi maksady bilen welaýatdaky operasiýalaryň dowam edýändigi ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar