Türkiýe Lüksemburgyň Daşary işler ministri Jean Asselborny ýazgardy

Türkiýe  Lüksemburgyň Ýewropada terrora goldaw berýän esasy ýurtlardan biridigine ünsi çekdi we şol ýurduň Daşary işler ministri Jean Asselborny ýazgardy

605825
Türkiýe Lüksemburgyň  Daşary işler ministri Jean Asselborny ýazgardy

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi baş ilçi Hüseýin Müftüogly Asselbornyň nemes radiosyna beren beýanatynda Türkiýe hakynda aýdan sözlerine berk garşylyk görkezdi.

Lüksemburgyň Daşary işler ministri Asselborndan 15-nji iýulda 246 adamyň şehit bolmagyna sebäp bolan gan döküşikli agdarlyşyga synanşan Fetullahçy terror guramasyna agza terrorçylary ýazgarmaryna garaşýandyklaryny aýdan Müftüogly “Asselbornyň munyň ýerine ýurdumyzda şuňa meňzeş wakanyň öňüniň alynmagy we demokratiýanyň ösmegi üçin edilýän tagallalary Ýewropanyň garaňky döwri bilen deňeşdirmegi hem taryhy bilmeýändigini hem-de wakalary obýektiw analiz etmek ukybynyň ýokdygyny görkezýär” diýdi.

Müftüogly demokratiýa taýdan ösen ýurt Türkiýede FETÖ/PDÝ-niň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň edilýän tagallalaryň türk halkynyň demokratiýa laýyklykda erkin ýagdaýda ýaşamagyny maksat edinýändigine ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar