Mewlüt Çawuşogly Katarda saparda boldy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly resmi sapar bilen Katara gitdi

601400
Mewlüt Çawuşogly Katarda saparda boldy

Çawuşogly paýtagt Dohadaky resmi saparynyň çäginde Emirlik diwanynda Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamad Al Sani tarapyndan kabul edildi.

Metbugata ýapyk ýagdaýda geçen toparara gepleşikden soň Şyh Temim bilen Çawuşogly iki çäk duşuşyk geçirdi.

Kataryň Premýer ministri Abdullah Bin Nasyr Al Sani tarapyndan hem kabul edilen Daşary işler ministri Çawuşogly kärdeşi Muhammed Abdurrahman Al Sani bilen duşuşdy.

Iki kärdeş duşuşykda ilkinjisi 2015-nji ýylda Dohada geçirlen Türkiýe-Katar Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk komitetiniň Trabzonda geçiriljek ikinji maslahaty hakynda pikir alyşdy.

Trabzonda geçiriljek maslahata Prezident R. T. Erdogan bilen Kataryň Emiri Şyh Temimiň gatnaşmagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar