Kahraman baýramçylyk mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Türkiýäniň Beýik millet mejlisiniň başlygy Ismail Kahraman Respublikanyň yglan edilmeginiň 93 ýyllygy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

599182
Kahraman baýramçylyk mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Ismail Kahraman ýüzlenmesinde: “Biz 1923-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda yglan edilen Respublikamyzyň 93 ýylynda. Milletimiziň baýramy gutly bolsun” diýip belledi.

Imperialist döwletleriniň meýilnamalarynyň milletiň garhrymanlygy we erjelligi bilen bozulandygyny nygtan Kahraman: “Eden ädimlerimiz bilen azatlyga we garaşsyzlygymyza gowuşdyk” diýdi.

Kahraman ýüzlenmesinde 15-nji iýulda şehit bolanlary hem ýatdan çykarmady.

Şehit bolan adamlaryň ählisine merhemet dilän mejlisiň başlygy Respublikany esaslandyran Atatürke we ýarag dostlaryna sag bolsun aýtdy.



Degişli Habarlar