" FETÖ-ni terror guramasy hökmünde yglan eden YHG-na minnetdarlyk bildirýärin"

Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Stambulda geçirlen maslahatynda söz sözlän Kaýa, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň şol hereketiniň Günbatarly  ýurtlara görelde bolmagyny diledi

597498
" FETÖ-ni terror guramasy hökmünde yglan eden YHG-na minnetdarlyk bildirýärin"

Maşgala we sosial syýasatlar ministri Fatma Betül Saýan Kaýa Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-ni terror guramasy hökmünde yglan eden Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna öz minnetdarlygyny bildirdi.

Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Stambulda geçirlen maslahatynda söz sözlän Kaýa, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň şol hereketiniň Günbatarly  ýurtlara görelde bolmagyny diledi.

Ministr Kaýa; “Musulmanlaryň ýaşaýan şäherlerinde we etraplarynda her gün doganlarymyz basyp alyjy güýçler we terrorçylar tarapyndan öldürilýär. Şol toparlar doganlyk gatnaşyklarymyza zeper ýetirmegi maksat edinýär” diýdi.

“Şol güýçler jebisligimizi we arkalaşygymyzy bozmak isleýär”diýen ministr Kaýa; “Yslam hyzmatdaşlyk guramasy hökmünde ähli terror guramalaryna garşy birlikde göreşmelidiris. FETÖ-ni terror guramasy hökmünde yglan edendigi üçin Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna öz minnetdarlygymy bildirýärin. Şol hereketiň Günbatarly ýurtlara görelde bolmagyny dileýärin” diýip belledi.



Degişli Habarlar