“DAIŞ-den azat bolmagyň ýeke-täk ýoly, şol işi edip biljek güýç Türk Ýaragly güýçleri”

Wise-premýer Nurettin Janikli hakykatdan hem DAIŞ-den azat bolmak islenýän bolsa, onuň ýeke-täk ýolunyň, şol işi edip biljek güýjiň Türk Ýaragly güýçlerdigini habar berdi

595540
“DAIŞ-den azat bolmagyň ýeke-täk ýoly, şol işi edip biljek güýç Türk Ýaragly güýçleri”

Stambulda geçirilen Giresun günlerine gatnaşan Nurettin Janikliniň gün tertibinde Mosulda DAIŞ-e garşy dowam etdirilýän operasiýa bardy.

Mosulyň DAIŞ-den basylyp alynmak islenýän bolsa Türkiýäniň kömeginiň möhümdigini bellän Janikli: “Mundan beýläk hiç kim sebitde Türkiýäni hasaba alman karar kabul etmez, isleýşi ýaly atyny oýnatmaz. DAIŞ-e garşy göreşýändiklerini öňe sürýärdiler. Eýýäm näçe ýyl bäri dünýäniň iň uly döwletleri DAIŞ-e garşy göreşýändiklerini aýdýarlar? 4 ýylda näme boldy? Hereket ýok. DAIŞ barlygyny dowam etdirýär. Emma indi sahna Türkiýe çykdy” diýdi.

Nurettin Janikli Mosulda DAIŞ-e garşy söwşde Türkiýäniň bolmalydygyny nygtap: “Elbetde hiç bir ýurduň territoriýasynda gözümiz ýok. Emma ol ýurtlardan ýurdumyza garşy hüjümler edilýän bolsa, onda biz ol ýerde hökman bolmalydyrys” diýip mälim etdi.



Degişli Habarlar