Aýralykçy terror guramasyna garşy göreş dowam edýär

Soňky operasiýalarda PKK-a agza 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

595076
Aýralykçy terror guramasyna garşy göreş dowam edýär

Tunjeli welaýatynyň Owajyk etrabynyň merkezinde we Aşagytorunoba diýilen ýerde geçirilen operasiýada aýralykçy terror guramasy PKK-a agza 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Gözleg işlerinde köp mukdarda ýarag we ok-däri ele salyndy.

Sebitdäki operasiýalar dowam edýär.

Bingöl welaýatynyň Genç etrabynda bolsa PKK-ly terrorçylar polisiýanyň sowutly ulagyna raketa we ýarag bilen hüjüm gurady.

Hüjümde 1 polisiýa işgäri şehit boldy, 5-si howpsyzlyk işgäri bolan 16 adam ýaralandy.


Etiketkalar: #Tunjeli , #Owajyk , #Bingöl , #Genç , #PKK , #şehit

Degişli Habarlar