Wise-premýer Kurtulmuş Mosul operasiýasynyň üstünde durup geçdi

Numan Kurtulmuş Antalýada ýerli kanallaryň birinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanşykly beýanat berdi

593370
Wise-premýer Kurtulmuş Mosul operasiýasynyň üstünde durup geçdi

Wise-premýer Numan Kurtulmuş Yragyň Mosul şäherini terror guramasy DAIŞ-den basyp almak operasiýasy bilen baglanşykly: “Wekilçilikli söweşler belli bir ýere gelip ýetdi. Eger Mosulyň üsti bilen täze bir wekilçilikli söweşleri başlatmak niýetleri bar bolsa, bu III Dünýä söweşiniň başlangyjyny emele getirer” diýip belledi.

Numan Kurtulmuş Antalýada ýerli kanallaryň birinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanşykly beýanat berdi.

Türkiýäniň örän kyn bir geografiýada, kyn meseleler bilen ýüz-ýüzedigini bellän Kurtulmuş bir tarapdan terror guramalary DAIŞ, FETÖ we PKK bilen söweşýändigini, beýleki tarapdan bolsa Siriýa bilen birlikde Yrakda uly bir syýasy haosyň ýüze çykaran meseleleri bilen göreşýändigini nygtady.

Yragyň Mosul, Siriýanyň Halap we Damask şäherleriniň geljeginiň Türkiýäni gönüden–göni gyzyklandyrýandygyna ünsi çeken Kurtulmuş şäherleriň halklarynyň dolulygyna dost, dogan we garyndaş jemgyýetlerdigini belledi.

Mosulyň eýýäm 2 ýyl bäri terror guramasy DAIŞ-iň gözegçiligi astyndadygyny ýatladan Numan Kurtulmuş Yragyň hökümetine terror guramasy DAIŞ-e ýekeje gezek hem od açman, Mosul şäherini gowşurandygyny, halkara jemgyýete hem 2 ýyl bäri nirede bolandyklaryny soralmagynyň gerekdigini beýan etdi.

Türkiýäniň Başika bazasyndaky harby barlygynyň tötänlik däldigini, harbylaryň Yragyň merkezi hökümetiniň çakylygyna laýyklykda ol ýere ýerleşdirilendigini ýatladan Wise-premýer Kurtulmuş maksatlarynyň sebitiň halkyna terror guramasy DAEŞ-e garşy harby tälim bermekdigini habar berdi.

Türkiýäniň Başikadaky barlygynyň biri isleýär diýip aýyrjak bir barlyk däldigini bellän Kurtulmuş Mosuly terror guramasy DAIŞ-den basyp almak operasiýasynyň Haşdi Şabi ýa-da terror guramasy PÝD-ä berilmeli däldigini, oňa Türkiýäniň hem rugsat bermejekdigini nygtady.

Terror guramalarynyň Türkiýäniň howpsyzlygyna garşy hereketleriniň üstünde durup geçen Numan Kurtulmuş: “Terror guramalarynyň arkasyndaky ygtyýaryň şol bir ygtyýara degişlidiginden hiç hili şübhämiz ýok. PKK-da, FETÖ-de, DAIŞ-de şol bir ýeriň balygydyr” diýip baýanat berdi.



Degişli Habarlar